Marko Roýs “Los-Anjeles Gelaksi” bilen şertnama baglaşdy

  • 17.08.2024 14:33
  • 4.9k+

Dortmundyň “Borussiýasynyň” öňki kapitany Marko Roýs ABŞ-nyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) “Los-Anjeles Gelaksi” kluby bilen şertnama baglaşdy. Ylalaşyk 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket edýär diýip, amerikan klubunyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Karýerasynyň köp böleginde 35 ýaşly Roýs “Borussiýa” üçin çykyş etdi. Ol 2012 – 2024-nji ýyllar aralygynda Dortmundyň klubunda oýnap, ähli ýaryşlarda 429 oýna gatnaşdy. Bu bolsa toparyň taryhynda dördünji görkezijidir. Bu döwürde Roýs 170 gol we 131 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. “Borussiýa” bilen bilelikde futbolçy Germaniýanyň Superkubogynyň üç gezek eýesi (2013, 2014, 2019) we ýurduň Kubogynyň iki gezek eýesi (2017, 2021) boldy, üç gezek Bundesligada möwsümiň oýunçysy diýlip ykrar edildi (2011/2012, 2013/2014 we 2018/2019 möwsümlerinde). Şeýle-de, ýarymgoragçy Mýonhengladbahdan “Borussiýa” üçin oýnady. Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 48 oýna gatnaşyp, 15 gol geçirdi.
Roýs “Gelaksi” toparyna erkin agent hökmünde geçdi, ýöne klub MLS-de çykyş edýän “Şarlott” klubuna $400 müň tölär, çünki hut şu klub öň germaniýaly oýunçy bilen şertnama baglaşmak üçin birinjilik hukugyny alypdy.
Şertnama baglaşylan wagty “Los-Anjeles Gelaksi” 26 tapgyrdan soň 49 utuk bilen MLS-iň Günbatar konferensiýasynda öňde barýar.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......