Serhi Roberto “Barselonadan” gitdi, täze kapitan Ter Ştegen bolup biler

  • 12.08.2024 23:46
  • 6.9k+

“Barselonanyň” goragçysy we kapitany Serhi Roberto katalon klubundan gidýändigini malim etdi. Onuň klub bilen şertnamasy iýun aýynda tamamlandy we taraplar hyzmatdaşlygy uzaltmazlyk kararyna geldiler.

“Kataloniýalylar, hemmäňize bilelikde geçen bu syýahatymyz üçin minnetdarlyk bildirmegiň wagty geldi. “Barsa” baky ýaşasyn” – diýip, Roberto sosial ulgamlarda ýazdy.

“Marca” neşiriniň habar bermegine görä, toparyň täze kapitany derwezeban Mark-Andre Ter Ştegen bolup biler. Ýatlap geçsek, 2014-nji ýylyň 22-nji maýynda Ştegen “Barselona” klubdan giden Wiktor Waldesiň ornuna geldi. Transferiň bahasy 12 mln ýewro bolup, şertnama bäş ýyl möhlet bilen baglaşyldy.
Serhi geçen möwsüm ähli ýaryşlarda 24 oýna gatnaşyp, üç gol we üç netijeli geçirim bilen tapawutlandy. “Barselonanyň” düzüminde Roberto ulular derejesinde 373 oýna gatnaşdy we öz hasabyna 26 gol hem 46 netijeli geçirim ýazdy.
Oýunçynyň “Barselona” bilen zähmet şertnamasy 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket etdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 2,5 mln ýewro barabar.


düýn 14:25
12k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....