Amerikanyň Kubogy – 2024-üň simwoliki topary hödürlendi

  • 17.07.2024 18:02
  • 15k+

WhoScored portaly Amerikanyň Kubogy – 2024-üň simwoliki toparyny düzüp, oňa degişli orunlarda iň ýokary ortaça baly bolan oýunçylary goşdy.

Derwezeban: Rafael Romo (Wenesuela)
Goragçylar: Daniel Munýos (Kolumbiýa), Kristian Romero (Argentina), Ronald Arauho (Urugwaý), Pýero Inkapie (Ekwador)
Ýarym goragçylar: Hames Rodriges (Kolumbiýa), Federiko Walwerde (Urugwaý), Moýses Kaýsedo (Ekwador), Aleksis Makallister (Argentina)
Hüjümçiler: Lionel Messi (Argentina), Salomon Rondon (Wenesuela)
Sanawa ýaryşyň ýeňijisi bolan Argentina toparynyň düzüminden üç oýunçy girdi, ýöne onda Kubogyň esasy bombardiri Lautaro Martines ýok. Ol ýaryşda 5 gol, şol sanda finalda Kolumbiýanyň derwezesine ýeke-täk goly (1:0) girizip, “Altyn butsa” mynasyp boldy.
Sanawa ýaryşyň guramaçylary tarapyndan iň gowy derwezeban diýlip bellenen Argentinanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Emiliano Martines hem girmedi, ol Amerikanyň Kubogynyň 6 oýnunyň 5-isinde gol sypdyrmady, şeýle-de 1/4 finalda Ekwador bilen oýundan soňky tapgyrda iki 11 metrlik urgyny gaýtardy (1:1, 4:2 pen.).


şu gün 14:15
7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......