Argentina Kanadany utup, Amerikanyň Kubogynyň finalyna çykdy

  • 10.07.2024 14:32
  • 11k+

Argentinanyň milli ýygyndysy Amerikanyň Kubogynyň ýarym finalynda Kanadadan üstün çykdy. Ist-Raterfordda (ABŞ) "Metlaýf" stadionynda geçirilen duşuşyk 2:0 hasap bilen tamamlandy.

23-nji minutda Argentinadan Hulian Alwares hasaby açdy. 51-nji minutda bolsa Lionel Messi toparynyň ikinji goluny geçirdi.
Messi Amerikanyň Kubogynyň şu gezekki ýaryşynda 4 oýna çykyp, 1 gol geçirdi we 1 gezek gol pasyny berdi.
Finalda argentinalylar Urugwaý-Kolumbiýa jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşarlar. Bu duşuşyk 11-nji iýulda geçiriler.
FInal duşuşygy 15-nji iýula meýilleşdirilýär.
Amerikanyň Kubogynyň häzirki eýeleri Argentinanyň milli ýygyndysydyr. Argentina 2021-nji ýylda finalda ýaryşyň şol gezekki eýeleri Braziliýany 1:0 hasabynda utmagy başardylar.


düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....