Astrofotograf HKS-iň Günüň öňünden uçup geçişini surata aldy. Kadr sanlyja  sekuntda surata alnyp ýetişildi

  • 07.07.2024 02:36
  • 10k+
Astrofotograf HKS-iň Günüň öňünden uçup geçişini surata aldy. Kadr sanlyja  sekuntda surata alnyp ýetişildi

Portugaliýaly astrofotograf Migel Klaro Halkara kosmos stansiýasy (ISS) Günüň öňünden uçup geçip barýarka seýrek pursady tutup ýetişdi. Surat Portugaliýanyň demirgazygynda pursady sekuntda 109 kadr ýygylykda tutýan ýokary tizlikli kamera bilen alyndy.

HKS surata düşürilen pursady Ýerden 441,5 km belentlikde bolup, 7,31 km / s tizlik bilen hereket edýärdi. Stansiýa Günüň öňünden bary-ýogy 0,54 sekuntda  uçup geçdi. Gutarnykly suraty döretmek üçin Klaro 2 sekuntda düşürilen 200 kadry ulandy.
Suratda diňe bir Günüň işjeň üsti däl, eýsem onuň öňünden uçup barýan HKS-yň sudury hem görünýär. Inwersiýa usulynyň kömegi bilen HKS ilkinji kadrlarda ak görünýär, bu bolsa Günüň hromosferasyny jikme-jik görmäge mümkinçilik berýär. Ondan soňky kadrlarda stansiýa gara reňkde görünýär.
Klaro HKS-yň Günüň öňünden geçişini surata düşürmegiň kyn düşendigini boýun aldy, ýöne her näme bolsa-da ýokary tizlikli kameranyň kömegi bilen seýrek pursady tutup bildi.
Tutuş prosesi ýörite redaktirlenen wideoda görmek bolýar.


03.10.2024 13:10
1.8k+

Hytaý Aý missiýasy üçin niýetlenen ilkinji skafandryny hödürledi

Hytaýyň dolandyrylýan uçuşlar agentligi (CMSA) Aýa gonmak üçin ilkinji skafandryny hödürledi. Iki astronawt skafandryň mümkinçiliklerini görkezdi. Ol temperaturanyň üýtgemeginden we Aý tozanyndan goraýan materiallardan...

03.10.2024 12:50
7.9k+

Hytaý dünýäniň iň uly radioteleskopyny has-da ulaldýar. Bu onuň durulygyny 30 esse ýokarlandyrar

Hytaýly inženerler Guýçžou welaýatynda ýerleşýän dünýäniň iň uly radioteleskopy bolan FAST-ny täzeläp başladylar. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda işe girizilen esasy toplum 24 sany täze radioteleskop alar, olar esasy...

30.09.2024 11:49
4.2k+

Ýewropa kosmos agentligi emeli hemrany howpsuz ýok etmek üçin ony orbita iberer

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) 2027-nji ýylda Ýeriň atmosferasynda ýakmak üçin DRACO (Destructive Reentry Assessment Container Object) hemrasyny goýbermegi meýilleşdirýär. Kosmosa uçurylýandygyna garaamzdan, emeli...

30.09.2024 10:52
3k+

Astronomlar Akmaýanyň ýolunyň 1,5 mlrd obýekti öz içine alýan jikme-jik kartasyny döretdiler

Astronomlar Akmaýanyň ýolunyň 1,5 milliarddan gowrak obýekti öz içine alýan has jikme-jik infragyzyl kartasyny hödürlediler. Taslama Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) VISTA teleskopynyň kömegi bilen amala...