Lebron Jeýms ogly bilen bir toparda oýnajak ilkinji MBA oýunçysy bolar

  • 02.07.2024 07:17
  • 6.2k+

MBA-nyň “Los-Anejeles Leýkers” kluby draftyň ikinji tapgyrynda Bronni Jeýmsi – Lebron Jeýmsiň 19 ýaşly ogluny saýlady. Şeýlelikde, kaka we ogul MBA-nyň taryhynda bir toparda çykyş etjek ilkinji oýunçylar bolar. Bu barada “Leýkersiň” X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berildi.

Lebron Jeýms bu habara seslenme hökmünde Instagram-da 2007-nji ýyldaky suraty ýerleşdirdi, onda kiçijik Bronni kakasynyň oýnuny görmäge gelýär. Surata “Miras!” ýazgysy-da goşulypdyr.
Umumy 55-nji belgi bilen saýlanan Bronni Jeýms öň “Ýu-es-si Troýans” uniwersitet toparynda çykyş etdi. Geçen ýyl ol ýürek durmasyny başdan geçirdi, soň bejergi aldy.
Lebron Jeýms MBA-da 2003-nji ýyldan bäri çykyş edýär we liganyň taryhynda iň köp titul gazanan oýunçylaryň biridir. Ol dört çempion titulyna eýe boldy, ABŞ-nyň düzüminde Olimpiýa oýunlarynda iki gezek ýeňiş gazandy. 2024-nji ýylyň mart aýynda Lebron 40 müň utuk belliginden geçip, MBA-nyň taryhynda iň netijeli oýunçy boldy.
2022-nji ýylyň awgust aýynda Jeýms şertnamany uzaldy, ol iki möwsümde 97,1 mln dollar aldy. Şonuň netijesinde basketbolçynyň karýerasyndaky umumy zähmet haky MBA taryhynda rekord boldy – 532 mln dollar. 

düýn 23:07
6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2.1k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......