Amerikanyň Kubogy – 2024: Argentina - ýeňiş, Messi - rekord bilen başlady

  • 21.06.2024 13:55
  • 14k+

Amerikanyň Kubogy - 2024-üň açylyş oýnunda ýaryşyň häzirki çempiony bolan Argentinanyň ýygyndysy 2:0 hasap bilen Kanadadan üstün çykdylar. Duşuşyk anna güni irden (Aşgabat wagty bilen 05:00-da) ABŞ-da Atlantada "Mersedes Benz Stediumda" geçirildi.

Duşuşygyň 49-njy minudynda Hulian Alwares hasaby açdy. Ikinji goly 88-nji minutda Lautaro Martines geçirdi. Messi gol pasyny geçirdi.
Belläp geçsek, Lionel Messi Amerikanyň Kubogynda geçiren duşuşyklarynyň sany boýunça rekordy täzeledi - 35 oýun. Mundan başga-da, Messi ýedi ýaryşda çykyş eden ilkinji argentinaly futbolçy boldy 
(2007, 2011, 2015, 2016, 2019, 2021, 2024).
Amerikanyň Kubogy şu ýyl ABŞ-da geçirilýär. Ýaryşyň final duşuşygy 14-nji iýulda futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň final duşuşygyndan biraz soňra geçiriler.
KONMEBOL-dan 10 sany milli ýygyndydan başga-da, ýaryşa KONKAKAF-dan ýene 6 ýygyndy gatnaşýar.
Ýygyndylar 4 topara bölünen:

A topar
Argentina
Peru
Çili
Kanada

В topar
Meksika
Ekwador
Wenesuela
Ýamaýka

С topar
ABŞ
Urugwaý
Panama
Boliwiýa

D topar
Braziliýa
Kolumbiýa
Paragwaý
Kosta-Rika


düýn 14:25
10k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....