Tokioda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi

  • 18.06.2024 16:46
  • 11k+

2024-nji ýylyň 12-14-njy iýuny aralygynda Ýaponiýada Türkmenistanyň mediniýet günleri geçirildi.

12-nji iýunda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap medeni çäreleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi we Türkmen milli lybaslarynyň görkeziliş dabarasy geçirildi.
Dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň, jemgyýetçilik we edara guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýada ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we ýaponiýada okaýan türkmen-talyplary gatnaşdylar.
Çäraniň dowamynda birnäçe duşuşuklar hem-de Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Medeniýet we ylym-bilim ugurlary boýunça tegelek stoluň başyndaky maslahat geçirildi.
Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda köpugurly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada bellediler.
14-nji iýunda Ýaponiýanyň Tsukuba şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap medeni çäreleriniň, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.


düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.9k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......