adidas Ýewro-2024 mynasybetli Jud Bellingem bilen reklama kampaniýasyny hödürledi

  • 17.06.2024 11:14
  • 8.8k+

adidas kompaniýasy motiwasiýa we töwerekdäkileriň basyşyna garşy göreşmäge bagyşlanan mahabat kampaniýasyny çykardy. Ýewro-2024-e bagyşlanyp çykarylan ruhlandyrýan wideoroligiň baş gahrymany Angliýanyň milli ýygyndysynyň we "Realyň" ýaş ýarymgoragçysy Jud Bellingem boldy diýip, Buro247 habar berýär.

Rolikde futbolçy maksatlary we tejribesi bilen paýlaşýar. Wideonyň sazy üçin The Beatles toparynyň meşhur «Hey Jude» aýdymy saýlanyp alyndy.
Wideoda şeýle hem geçmişde meşhur iňlis futbolçylary Dewid Bekhem we Frenk Lempard bar. Olar iri ýaryşlarda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýär. Wideoroligi surata düşürmeklige sazanda Stormzi, alyp baryjy Lora Wuds we futbolçy Ian Raýt gatnaşdy.
adidas-yň täze mahabat wideosy türgenleriň täze neslini kynçylyklary ýeňip geçmäge we ýeňiş gazanmaga çagyrýar.

Ýatlatsak, Ýewro-2024 ýaryşy 14-nji iýunda Germaniýada badalga alyp, 14-nji iýula çenli dowam eder.


düýn 14:15
8.6k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......