BMW täzelenen M2 2025 ulagyny çykardy

  • 14.06.2024 11:17
  • 10k+

BMW 2025-nji model ýylynyň täzelenen M2 2025 ulagyny çykardy.

Täze BMW M2 2025 güýçlendiirlen alty silindre hem-de 3,0 litrlik hereketlendirijä eýe boldy. Iň ýokary kuwwaty 20 at güýjüne çenli ýokarlanyp, bu görkeziji 473 at güýjüne ýetdi. Onuň öwrüm pursadyndaky iň ýokary mümkinçiligi 2650-6130 aýlaw/min görkezijisi bilen 600 nanometre çenli artdyryldy.
Kuwwatyň artmagy netijesinde 0-dan 100 km/sag çenli tizlenme wagty 0,1 sekunda ýetirildi. 8 geçirijili «M Steptronic» öwrüjisiniň awtomatiki geçirijisi bilen enjamlaşdyrylan adaty «M2» standart gutusy 4 sekunda çenli çaltlaşyp biler. 6 tizlikli el geçirişi bilen tapawutlanýan goşmaça nusga bu işi 4,2 sekuntda ýerine ýetirer.
0-dan 200 km/sag tizlige ýetmek üçin degişlilikde 12,9 we 13,7 sekunt wagt gerek. Elektron bellikdäki iň ýokary tizlik sagatda 250 km töweregi görkeziji bilen çäklenýär, ýöne goşmaça «M Driver» bukjasy iň ýokary tizligi sagatda 285 km çenli ýokarlandyryp biler.
BMW M2 2025 täze reňkleriň birnäçesini hödürleýär. Adaty M tigirleri gara reňkli goşa dizaýna eýedir: öň tarapynda 19 dýuýmlyk, yzda bolsa 20 dýuýmlyk. Onuň kümüş reňkli tigirleri hem bir nusga hökmünde elýeterlidir.
BMW M2 2025 täze rul bilen enjamlaşdyrylyp, isleglere görä alkantara materialy bilen örtülendir. Täzelenen model iň täze «iDrive 8.5» ulgamyny ulanýar.
Täzelenen modeliň bahasy heniz yglan edilmedi.


01.06.2026 10:57
3.1k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....