UFC-niň 30 ýyllygy mynasybetli esasy MMA ýyldyzlary barada “UFC imperiýasy” serialy çykdy

  • 11.06.2024 11:29
  • 12k+

UFC promouşeniniň 30 ýyllygy mynasybetli tomaşaçylara söweş dünýäsiniň perde aňyrsyna göz aýlamaga mümkinçilik berýän “UFC imperiýasy” (Fight Inc: Inside the UFC) ady bilen dokumental serial çykdy.

Serial UFC-niň prezidenti Dana Uaýtyň we onuň toparynyň işini görkezýär, promouşeniň döredilişi, şeýle-de MMA legendalarynyň durmuşy we karýerasy barada gürrüň berýär.
Birinji bölümde UFC-niň ýolbaşçylygynyň iş prosesi görkezilýär, soňky bölümler bolsa öňki we häzirki çempionlaryň wakalaryna ünsi jemleýär.
Hususan-da, tomaşaçylar dört ýyl mundan ozal karýerasyny tamamlan Habib Nurmagomedowyň promouşene nähili täsir ýetirmegi dowam etdirýändigini görerler.
Serialyň ýene bir gahrymany köpler tarapyndan taryhda MMA-nyň iň beýik söweşijisi hasaplanýan Jon Jonsdyr. Ol oktagonyň içindäki zehini we ondan daşary garaşylmadyk hereketleri bilen bellidir. Ol üçýyllyk arakesmeden soň oktagona dolanyp, täze agramda Siril Gan bilen duşuşýar. Ilkinji söweşinde Jons hemişekisi ýaly ussatlygyny görkezip, bary-ýogy iki minutda ýeňiş gazanýar.
Serial söweşden öň şikes alýan iň meşhur zenan söweşijileriň biri Amanda Nunýes barada hem gürrüň berýär. Mundan başga-da, serialda Şon O’Melli (iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony) we Israel Adesanýa (öňki çempion) ýaly ýaş we harizmatik ýyldyzlaryň hem wakalary hödürlenýär.


düýn 23:43
4.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......