Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-yrak toparyny döretmek barada pikir alşyldy

  • 11.06.2024 07:18
  • 3.2k+

7-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mohammet Bahr Al-Ulumyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar.
Şu nukdaýnazardan şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, energetika we ulag pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ylym-bilim çygrynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy bellenildi. Diplomatlar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-yrak toparynyň döredilmegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmagyň mehanizmlerini döretmäge gönükdirilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......