Köne äheňli täze Toyota Corolla bezegi peýda boldy

  • 09.06.2024 15:18
  • 29k+

ABŞ-da meşhur sedana sport äheňi berlip döredilen täze Toyota Corolla FX bezegi çykar. Şeýle-de bolsa, üýtgeşmeler diňe daşky görnüşi we salonyň bezegi bilen çäklenýär. Awtoulagyň daşky bezegi 1987-nji ýylyň Corolla FX16 hetçbegine salgylanýar diýip, auto.ru ýazýar.

 

Täze önüm kümüşsöw öwüşginli 18 dýuýmlyk gara tekerleri, aýnalary gara  korpusy we ýükdanynyň gapagy spoýleri aldy. Içi mämişi tikinli açyk Moonstone matasy bilen bezelen. 10,5 dýuýmlyk ekranly multimediýa ulgamy hem täze, ýöne 2025-nji model ýylynyň Corolla-synyň beýleki bezeg derejelerinde hem peýda bolar.
Kapotyň aşagynda hiç hili üýtgeşiklik ýok: kuwwaty 169 at güýjüne deň bolan, CVT bilen jübütlenen şol bir 2,0 litrlik atmosfera hereketlendirijisi. Sagatda 97 km tizlige çykmak üçin 8 sekunt gerek. Kuzowyň reňk dürlüligi üç görnüş bilen çäklenýär, şol bir wagtda hemmesiniň üçegi gara bolar.

 

Daşky görnüşi sport äheňlidgine garamazdan, Corolla FX adaty maşgala sedany bolmagynda galýar. Toyota 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Tokioda geçiriljek sergide täzeden janlandyrylan Celica-nyň prototipini hödürlemekçi, myş-myşlara görä, sport kupesi 400 at güýçli iki litrlik hereketlendirijini we ähli tigirleri hereketli ulgamy alar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......