Peterburg halkara ykdysady forumynda Türkmenistana ykdysadyýet ministri wekilçilik edýär

  • 06.06.2024 01:15
  • 11k+

5-8-nji iýunda maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti rus tarapynyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda bolup, XXVII Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşýar.

Türkmen wekiliýeti forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer, şeýle hem forumyň köpugurly çärelerine gatnaşar.
Sankt-Peterburg şäherinde 1997-nji ýyldan bäri geçirilýän, bu forum 27-nji gezek geçiriler. Şu ýylky forumyň esasy temasy: "Köppolýarly dünýäniň binýady -  täze ösüş ugurlaryny kesgitlemek". 

120 töweregi ýurtdan 10 müňden gowrak wekili özünde jemleýän bu çäre şu ýyl hem dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň hökümet agzalaryny, hususy pudagyň wekillerini we öňdebaryjy telekeçileri bir ýere jemledi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy  forumyň mejlisinde çykyş edip, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny tassyklady we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

düýn 15:32
5.4k+

FT: Argentina 500 müň dollara «altyn pasport» berip başlar

Argentinanyň häkimiýetleri döwlete maýa goýumlaryny çekmek şerti bilen daşary ýurtlulara raýatlyk bermek maksatnamasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär....

28.06.2026 15:48
5.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......