Serdar Berdimuhamedow Daşoguzda täze elektroenergetika desgalaryny işe girizdi

  • 05.06.2024 16:11
  • 19k+

Şu gün, 5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketleri işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, ýapyk energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmelidir, şonuň netijesinde energetika pudagynyň işgärleri energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini we elektrik geçiriji ulgamlaryny sarp edijilere zyýan ýetirmezden bejerip hem-de döwrebaplaşdyryp bilerler.
Jemi uzynlygy 572 km bolan «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy.
Elektroenergetika pudagynyň täze möhüm desgalarynyň – «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçirijisiniň we iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň nyşanyna öwrülen bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......