Winisius Žunior möwsümiň jemi boýunça Çempionlar ligasynyň iň gowy oýunçysy boldy

  • 04.06.2024 13:28
  • 5.9k+

Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Winisius Žunior tamamlanan Çempionlar ligasy ýaryşynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. Braziliýaly 10 oýna gatnaşyp, alty gol we bäş netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Ol ýaryşyň finalynda Dortmundyň “Borussiýasynyň” derwezesine girizilen ikinji goluň awtory boldy (2:0).

Iň gowy ýaş futbolçy diýlip möwsüm başlamazdan ozal “Borussiýadan” “Reala” geçen angliýaly Jud Bellingem bellendi. 20 ýaşly ýarym goragçy 11 oýna gatnaşyp, dört gol girizdi we bäş netijeli geçirim etdi.
Ýaryşyň simwoliki toparyna “Realyň” we “Borussiýanyň” her birinden dört oýunçy girdi. Topar doly görnüşde şeýle: Gregor Kobel (derwezeban), Ian Matsen, Mats Hummels, Marsel Zabitser (hemmesi – Dortmundyň “Borussiýasy”, Germaniýa), Antonio Rýudiger, Dani Karwahal, Jud Bellingem, Winisius Žunior (hemmesi – “Real”, Ispaniýa), Witinýa (“PSŽ”, Fransiýa), Fil Foden (Mançester Siti”, Angliýa), Harri Keýn (“Bawariýa”, Germaniýa).


düýn 14:15
9.4k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......