Maradonanyň “Altyn topunyň” auksiondaky satuwy hukuk dawalary sebäpli yza süýşürildi

  • 04.06.2024 13:17
  • 8.6k+

Diego Maradonanyň 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy hökmünde alan “Altyn topunyň” satuwy kubok üçin hukuk babatynda gozgalan kazyýet işleri sebäpli soňa goýuldy. Fransiýanyň Aguttes auksion öýi söwdany 6-njy iýunda geçirmegi meýilleşdiripdi diýip, AP ýazýar.

Maradonanyň garyndaşlary kubogyň ogurlanandygyny aýdyp, ony satuwdan aýyrmagy talap etdiler. Nanteriň prokuraturasy bu iş boýunça derňewe başlady.
Kazyýet Maradonanyň maşgalasynyň auksiony gadagan etmek baradaky haýyşyny ret edip, ony kubok ýitenden soň hiç kimiň ogurlyk barada polisiýa arza bermändigi bilen delillendirdi, garyndaşlar bolsa polisiýanyň haýsydyr bir derňew işini geçirendigini subut edip bilmediler.
Muňa garamazdan, Aguttes potensial alyjylara päsgel berip biljek “dawalar we näbellilikler” sebäpli satuwy yza süýşürmek kararyna geldi.
Maradona baýragy 1986-njy ýylda Pariždäki dabarada aldy, ýöne ahyrynda ol ýitdi. Futbolçynyň garyndaşlary “Altyn top” 1989-njy ýylda Neapolyň bankyndaky seýfden ogurlanandyr diýip pikir edýärler. Käbir çeşmeler baýragyň pokerde utdurylan bolup, bergini üzmek üçin berlendigini çaklaýarlar. 2016-njy ýylda kubok şahsy kolleksiýadan lot hökmünde auksiona çykdy.
2020-nji ýylda aradan çykan Maradona ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri hasaplanýar. Ol “Boka Huniorsda”, “Barselonada”, “Napolide” we “Sewilýada” oýnady, şeýle-de Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1986-njy ýylyň dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.


düýn 14:15
9.2k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......