Aşgabatda Mary-Tejen-Aşgabat welosiped marafony tamamlandy

  • 03.06.2024 13:32
  • 13k+

Şu gün — 3-nji iýunda Aşgabatda Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça guralan welosiped marafony tamamlandy.

Marafon 31-nji maýda Mary şäherinden badalga aldy. Onuň uzynlygy 335 kilometre barabar boldy.
Oňa ýurdumyzyň dürli künjeginden 60-a golaý türgen gatnaşdy. Bu ýörişe gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň welosipedçileri hem bar.
Welosiped marafonyna gatnaşyjylar Aşgabatdaky «Welosiped» binasyna geldiler. Bu ýerde bellenen menzil bilen welosipedçiler Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe goşuldylar.
Ýeri gelende bellesek, 3-nji iýunda Watanymyzda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edildi.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......