Türkmenistanda «Ýylyň talyby – 2024» Döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

  • 31.05.2024 23:04
  • 12k+

31-nji maýda Türkmenistanda «Ýylyň talyby» Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Hoşgeldi Paýzyýew «Ýylyň talyby — 2024» Döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Baýrakly orunlara eýe bolanlara diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-da habar berdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bilim bäsleşigine deslapky tapgyrlarda özüniň ýokary görkezijileri boýunça tapawutlanan talyplar gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnyşyjylar ylmy-döredijilik we dersara bäsleşiklerinde, halkara ders olimpiadalarynda gazanan üstünlikleri, medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşygy, sport ýaryşlaryndaky ýeňişleri, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary üçin kesgitlenen utuklar ulgamy bilen bahalandyrylyp, her ýokary okuw mekdebinden iň ýokary netije gazanan talyp jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar.
Jemleýji tapgyrda ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän talyplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş, türkmen we iňlis dili dersleri, kompýuter sowatlylygy boýunça taýýarlanan test sowallaryna jogap berdiler. Şeýle hem talyplar saýlap alan ugurlary esasynda gysga sahna, çeper okaýyş, aýdym-sazly erkin çykyşlar boýunça özara bäsleşdiler.
Magtymguly adyndaky TDU-da habar bermeklerine görä, 2024-nji ýylda “Ýylyň talyby” bolan Hoşgeldi Paýzyýew Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän ençeme ders, taslama-döredijilik bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarda ýeňiji bolmagy başardy.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......