Çehiýanyň milli ýygyndysy 14 ýylda ilkinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

  • 27.05.2024 16:36
  • 6.1k+

26-njy maýda Pragadaky “O2 Arenada” 2024-nji ýylyň hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final oýny tamamlandy we onda Çehiýanyň milli ýygyndysy Şweýsariýanyň toparyny 2:0 hasabynda utdy.

Çehiýalylar üçin bu soňky 14 ýylda ilkinji altyn medal boldy diýip, “Çempionat” ýazýar.
Ýaryşyň ýer eýelerine ýeňşi üçünji tapgyryň ortalarynda hüjümçi Dawid Pastrnýakyň takyk urgusy, şeýle-de duşuşygyň ahyrynda Dawid Kempfyň boş derwezä geçiren goly getirdi.
DÇ-2024-de bürünç medaly üçünji ýer ugrundaky oýunda Kanadanyň toparyny utan Şwesiýanyň milli ýygyndysy aldy.
Dünýä çempionaty 10-njy maýdan 26-njy maý aralygynda Çehiýanyň Praga we Ostrawa şäherlerinde geçirildi.
Indiki dünýä çempionaty hasap boýunça 88-nji bolup, 2025-nji ýylda Şwesiýada we Daniýada geçiriler.


12.06.2026 11:10
10k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

02.06.2026 00:00
3.9k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

02.04.2026 10:46
2.5k+

19 ýaşly hokkeýçi Selebrini meşhur Weýn Gretskiniň utuk rekordyny gaýtalady

“San-Hose Şarksyň” 19 ýaşly hüjümçisi Maklin Selebrini NHL-iň taryhynda 20 ýaşyny doldurmanka bir möwsümde 100 utuk gazanan altynjy oýunçy boldy diýip, Liganyň web sahypasynda habar berilýär....