Aşgabatda Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy açyldy

  • 25.05.2024 20:45
  • 15k+

Şu gün, 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

 

Aşgabat ajaýyp binagärlik sazlaşygy bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen gün-günden gözelleşýär. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary halkara ölçeglere kybap gelýän amatlyklar we oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Soňky ýyllarda gözel paýtagtymyzda etraplar tutuşlygyna döwrebaplaşdyryldy. Täze iri ýaşaýyş toplumlary kemala geldi we durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, bar bolan ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamak üçin oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl-de, eýsem, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli az gatly ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu bolsa raýatlaryň ýokary hil talaplaryna bolşy ýaly, ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga bolan şertleriniň has-da artmagyna mümkinçilik berýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......