Meksikadaky tako satylýan kiçijik garbanyşhana Michelin ýyldyzy berildi

  • 22.05.2024 15:21
  • 14k+

Business Insider-iň habar bermegine görä, Mehiko şäherindäki kiçijik takohana  kompaniýanyň ilkinji meksikan ýolgörkezijisiniň çäklerinde Michelin ýyldyzyny aldy.

56 ýyl ozal Meksikanyň paýtagty San Rafael etrabynda döredilen El Califa de Leon garbanyşhanasy täze önümlerden we elýeterli bahadan ýasaýan ýönekeý, ýöne tagamly takolary bilen meşhurdyr.
El Califa de Leon-nyň satýan tagamynyň sanawy çäklije: bahasy 5 dollarlyk takonyň bary-ýogy dört görnüşini taýýarlaýar. Çaklaňja jaýa diňe birnäçe adam sygýar, şonuň üçin sargytlar köplenç penjireden kabul edilýär.


Baş aşpez Arturo Riwer Martinesiň pikirine görä, olaryň üstünliginiň syry oňat hilli önümleri we hakyky reseptleri ulanmaklaryndadyr. Ol: "Tortilýa, gyzyl ýa-da ýaşyl sous we et – iň bar gerek zat (iň oňat tako üçin) " - diýýär.
Garbanyşhananyň çaklaňjadygyna garamazdan, El Califa de Leon uzak wagtdan bäri ýerli ýaşaýjylaryň we jahankeşdeleriň söýgüsini gazanyp gelýär.
Michelin-iň hünärmenleri, esasanam, ony Gaonera takolaryny ökde taýýarlaýandygy üçin bellediler. Bu tagam, edaranyň özi ýaly, “El Kalifa de Leon” lakamly meksikaly öküz söweşiji Rodolfo Gaonanyň adyny göterýär (ol Meksikanyň Guanahuato ştatynyň Leon şäherinde doguldy). Şeýle hem, Gaonera matador usullarynyň biriniň ady. Gaonanyň takohanany esaslandyryjynyň ýakyn dostudygy bellendi.


12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

21.05.2026 13:01
8.3k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......