Aleksandr Usik absolýut dünýä çempiony adyny ýitirer

  • 21.05.2024 12:24
  • 19k+

Professional boksda birbada birnäçe abraýly gurama bolup, olaryň her biri öz dünýä çempiony guşagyny berýär. Haçan-da boksçy ähli möhüm wersiýalar boýunça çempion bolanda, ol absolýut diýlip atlandyrylýar.

Ýakynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen söweşde britaniýaly Taýson Fýurini ýeňip, ukrainaly Aleksandr Usik 1999-njy ýyldan bäri super agyr agramda ilkinji absolýut dünýä çempiony boldy. Usik Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) wersiýalary boýunça dünýä çempiony titullaryny gorady hem-de Fýurä degişli bolan Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) guşagyny  aldy.
Indi 1-nji iýunda ukrainaly IBF guşagyndan, şonuň bilen birlikde absolýut çempion adyndan mahrum bolar diýip, insaýder Maýkl Benson belleýär. Muny Daily Mail neşiri tassyklaýar.
Usik guşagy gorap bilmez, sebäbi Taýson Fýuri bilen rewanşa taýýarlanar. Şonuň üçin 1-nji iýunda IBF tituly üçin Filipp Hrgowiç we Daniel Dýubua göreşer. Bensonyň maglumatlaryna görä, Entoni Joşua titul söweşini geçirmek üçin eýýäm Hrgowiç – Dýubua söweşiniň ýeňijisine çagyryş etmäge taýýarlanýar.
Ýeri gelende bellesek, bu ýagdaý köp sanly boks wekilleriniň nägileligine sebäp boldy.


15.06.2026 15:36
3.2k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....