Fil Foden 2023/24 möwsümde APL-de möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

  • 20.05.2024 00:05
  • 6.3k+

“Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Fil Foden 2023/24-möwsüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.

23 ýaşly angliýaly 35 oýunda 19 gol geçirip we 8 netijeli geçirim edip, toparyň çempion titulyny almagynda esasy şahsyýetleriň birine öwrüldi.
Foden baýrak üçin göreşde Erling Holand (Mançester Siti), Aleksander Isak (Nýukasl), Koul Palmer (Çelsi), Martin Edegor (Arsenal), Deklan Raýs (Arsenal), Wirjil wan Deýk (Liwerpul) we Olli Uotkins (Aston Willa) ýaly ýyldyzlardan öňe geçdi.
Ýeri gelende bellesek, bu APL-iň iň gowy oýunçysy üçin baýragyň yzygider bäşinji gezek “Mançester Sitiniň” futbolçysyna berilmegidir. Geçen möwsümde ony Erling Holand aldy, 2019/20 we 2021/22-möwsümlerinde baýraga Kewin de Brýoýne, 2020/21-möwsüminde Ruben Diaş mynasyp boldy.
“Mançester Siti” 38 oýnuň jemi boýunça 91 utuk ýygnap, APL-iň çempiony titulyna eýe boldy.


şu gün 14:25
3.7k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 10:36
2.1k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 09:54
977

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......