Almatyda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 19.05.2024 23:55
  • 2.9k+

Almatyda Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň kitaphanasynda akyldar şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, "Magtymguly Pyragy - gündogar edebiýatynyň söz ussady" atly Halkara maslahaty geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň ilçihanasy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurady. Bu barada TmCars-a ýurdumyzyň Gazagystandaky ilçihanasynda habar berdiler.

Çärä Milli Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, Gazagystanda ygtyýarlandyrylan ilçiler we baş konsullar, Magtymgulynyň döredjiligini öwrenýän gazak alymlary, belli ýazyjylar, filosoflar we filologlar gatnaşdy.
Çykyşlarda halkara jemgyýetçiligini dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna giren Magtymgulynyň döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurlygy bellenildi.
Şeýle hem maslahatyň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň, şekillendiriş sungatynyň we fotosuratlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Kitap tekjelerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy ýerleşdirildi.


düýn 11:22
3.8k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

düýn 10:10
2.7k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......