Aşgabatda Magtymgulynyň 60 metr belentlikdäki ýadygärligi açyldy

  • 18.05.2024 01:11
  • 19k+

17-nji maýda Aşgabatda Köpetdagyň eteginde bina edilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy ulanmaga berildi. Seýilgähiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ýolbaşçylar düzümi bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahatyna gatnaşmaga gelen daşary ýurt wekiliýetleri hem gatnaşdy.
Dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.
Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 60 metr belentlikdäki ýadygärligi bar. Şeýle hem bu seýilgähde dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleri oturdyldy.

Olaryň arasynda Ermenistandan Saýat Nowanyň, Belarusdan Ýanka Kupalanyň, Hytaýdan Du Funyň, Fransiýadan Onore de Balzagyň, Gruziýadan Şota Rustaweliniň, Germaniýadan Iogann Wolfgang fon Gýoteniň, Hindistandan Rabindranat Tagoryň, Ýaponiýadan Ýasunari Kawabatanyň, Malaýziýadan Raja Ali Hajynyň, Rumyniýadan Mihai Emineskunyň, Täjigistandan Saýido Nasafiniň, Beýik Britaniýadan Wilýam Şekspiriň, Wengriýadan Şandor Petefiniň, Eýrandan Hafyz Şirazynyň, Italiýanyň Dante Aligýeriniň, Gazagystandan Kurmangazy Sagyrbaýulynyň, Gyrgyzystandan Çingiz Aýtmatowyň, Polşadan Adam Miskewiçiň, Russiýadan Fýodor Dostoýewskiniň, Ispaniýadan Huan Ramos Himenesiň, Türkiýeden Ýunus Emreniň, Ukrainadan Hrihoriý Skoworodanyň, ABŞ-dan LAngston Hýuzyň we Özbegistandan Alyşir Nowaýiniň heýkelleri oturdyldy.
Açylyş dabarasynyň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlary guraldy.
Magtymguly Pyragynyň ýadygärlige gül goýmak çäresi geçirildi. Şeýle hem yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişi guraldy.
Açyk asmana dronlar bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”, “Arkadaga şöhrat” we “Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat” ýazgylary peýda boldy.
Açylyş dabarasynyň ahyrynda baýramçylyk feýerwerki asmany ýagtylandyrdy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......