“Mortal Kombat 2” filmi 2025-nji ýylyň oktýabrynda çykar

  • 16.05.2024 14:21
  • 12k+

“Variety” neşiriniň maglumatlaryna görä, “Mortal Kombat 2” filmi 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda prokata çykar. Filmiň režissýory hökmünde 2021-nji ýylda çykan birinji bölümi surata düşüren Saýmon Makkuoýd çykyş eder diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.

“Mortal Kombat 2” birinji bölümiň wakasyny dowam etdirer. Esasy gahrymanlar gaýdyp geler, şeýle-de täze gahrymanlar peýda bolar. Ekşen-aktýor we söweşiji Jonni Keýjiň keşbini “Ýigitler” (Пацаны) serialynyň ýyldyzy Karl Urban ýerine ýetirer. Adelin Rudolf şa gyzy Kitana hökmünde çykyş eder, Tati Gabriel bolsa Jeýdiň keşbini janlandyrar.
Filmiň birinji bölümi tankytçylar we tomaşaçylar tarapyndan dürlüçe garşylandy. Köp adamlar kartinanyň tempini we baş keşpleri ýerine ýetiren aktýorlary gowy gördüler.
Ikinji bölümiň sýužeti barada heniz jikme-jik maglumat ýok.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....