Karlsen Rapid & Blitz Poland ýaryşynda ýeňiji boldy, Dommaraju iň soňky orunda

  • 13.05.2024 12:54
  • 3.2k+

16-njy dünýä çempiony, dünýä reýtinginiň lideri, norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen Grand Chess Tour 2024-üň birinji tapgyry bolan Rapid & Blitz Poland ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Bu barada “Çempionat” portaly habar berýär.

Ýaryşa on küştçi gatnaşdy. Norwegiýaly türgen 26 utuk gazanyp, hytaýly grossmeýster Weý Iden 1,5 utuk öňde boldy.
Belläp geçsek, Dalaşgärler ýaryşy – 2024-iň ýeňijisi Gukeş Dommaraju iň soňky orunda ýerleşdi.
Rapid & Blitz Poland-yň netijesi:

  1. Magnus Karlsen (Norwegiýa) – 26 utuk;
  2. Weý I (Hytaý) – 25,5;
  3. Ýan-Kşiştof Duda (Polşa) – 19,5;
  4. Rameşbabu Pragnanandha (Hindistan) – 19;
  5. Arjun Erigaýsi (Hindistan) – 18;
  6. Nodirbek Abdusattarow (Özbegistan) – 17,5;
  7. Kirill Şewçenko (Moldowa) – 15;
  8. Aniş Giri (Niderlandlar) – 14;
  9. Winsent Keýmer (Germaniýa) – 13;
  10. Gukeş Dommaraju (Hindistan) – 12,5.

Rapid & Blitz Poland ýaryşy 2024-nji ýylyň 6-njy maýyndan 13-nji maý aralygynda Warşawada geçirildi. Bu çalt küşt boýunça üç ýaryşyň birinjisi bolup, onuň umumy baýrak gaznasy 175 000 dollara barabar. Ýaryş dokuz raund çalt küşt bilen başlaýar, onuň yzyndan on sekiz raund blitz gelýär, umuman, bäş günüň içinde 135 döw geçirilýär.

düýn 13:05
4k+

Salah möwsümiň ahyrynda «Liwerpuly» terk eder

«Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň ahyrynda klubdan gitjekdigini yglan etdi. Müsürli futbolçy bu barada sosial ulgamlarda wideoýüzlenme arkaly habar berdi....

25.03.2026 17:43
4.2k+

AFK 2031-nji we 2035-nji ýyllaryň Aziýa Kubogy üçin arzalary kabul etmegi wagtlaýyn togtatdy

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) 2031-nji we 2035-nji ýyllarda geçiriljek Aziýa Kuboklary üçin berlen arzalara seretmek işini wagtlaýynça saklady. Bu karar halkara oýun senenamasyna girizilip bilinjek üýtgetmeler bilen baglanyşyklydyr...

25.03.2026 10:18
6.1k+

Antuan Grizman «Atletikodan» gaýdyp, karýerasyny ABŞ-nyň MLS ligasynda dowam eder

Antuan Grizman möwsüm tamamlanandan soň Madridiň «Atletiko» klubundan gider we tomusda Amerikanyň «Orlando Siti» klubuna geçer. Madrid şäheriniň topary häzirki möwsümiň ahyrynda fransiýaly hüjümçiniň topardan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi...

24.03.2026 16:58
10k+

Nobatdaky «El-Klasikonyň» senesi belli boldy: häzirlikçe hasap 1:1

Ispaniýada çempionlyk ugrundaky göreşde aýgytlaýjy bolup biljek «El-Klasiko» oýnunyň senesi belli boldy. La Liganyň 35-nji tapgyrynyň çäklerinde «Barselona» we «Real Madrid» toparlarynyň arasyndaky ikinji aýlawyň duşuşygy 11-nji maýa geçilýän gije bolar...