“Paýhas” bilim merkezi “The best Summer with Paýhas” tomusky okuw lagerine ýazylmaga çagyrýar

  • 12.05.2024 09:34
  • 9k+

Tomusda “Paýhas” bilim merkezi ýaş diňleýjileri üçin özboluşly dil maksatnamasyny, ýagny «The best summer with Paýhas» maksatnamasyny hödürleýär. Tomusky dynç alşy uzak ýerlere gidip geçirmek hökman däl. “Paýhas” bilim merkezi tomus dynç alşyňyzy ýatdan çykmajak görnüşde geçirmek üçin oňat mümkinçilik berýär we tomusky lagerine ýazylmaga çagyrýar. Bu lagerde çagalara dynç almak, şol bir wagtyň özünde hem iňlis hem rus dillerinde bilimlerini artdyrmak, şeýle hem ukyplaryny ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

“Paýhas” bilim merkeziniň tomusky lager maksatnamasy 2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda başlap, 13-nji iýula çenli dowam eder.
6 hepdäniň dowamynda çagalar mekdepde iňlis dilinden alan bilimlerini tejribede ulanmaga, şeýle hem özleri üçin täze bilimleri öwrenmäge mümkinçilik alarlar. Bulardan başga-da, öwredijilikli başdangeçirmeler, toparlaýyn oýunlar, bäsleşikler, iňlis dilinde kino görkezişler, depginli tanslar, iňlis dilinde gündelik aragatnaşyk, toparlaýyn çäreler we ertirki maşklar bolar.
Lageriň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisine şahadatnamalar we sowgatlar gowşurylar.

Lager maksatnamasyna şular goşulan:

  • Bütin günläp iňlis hem rus diliniň praktikasy;
  • Başdan-aýak dil gurşawyna girişmek;
  • Logikany ösdürmek üçin bäsleşikler we oýunlar;
  • Stolda oýnalýan we hereketli oýunlar;
  • Sungat we döredijilikli ussatlyk sapaklary;
  • Iňlis dilinde multfilmler we filmler

Sapaklar her gün sagat 9:00-dan 13:30 aralykda şu salgyda geçiriler: Aşgabat ş., Ostrowski köçesi, 26 (“On begi Köz döner” binasynyň 2-nji gaty, “Paýhas” bilim merkezi).
Ýazylyşyk EÝÝÄM BAŞLADY.
Goşmaça maglumat almak üçin telefonlar:
36-99-96;
36-99-97;
+99365 21-73-32.


18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.6k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......