UEFA Ýewro – 2024-iň resmi aýdymyny hödürledi

  • 12.05.2024 16:12
  • 8.7k+

Italiýanyň “Meduza” elektron triosy, “Grammy” baýragyna dalaşgär amerikan pop-rok topary “OneRepublic” we germaniýaly aýdymçy Leony 2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň resmi aýdymyny hödürlediler. Bu barada UEFA-nyň saýtynda habar berilýär.

Aýdym “Fire” (“O:t”) diýlip atlandyrylýar.
Janköýerler bu aýdymy 14-nji iýulda Berlindäki Olimpiýa stadionynda geçiriljek Ýewro – 2024-iň finaly başlamazdan ozal üç artistiň janly ýerine ýetirmeginde diňläp bilerler.

“Futbol we aýdym-saz adamlary birleşdirip bilýär. Men Ýewro – 1996 barada oýlanamda, kellämde “Futbol öýe gaýdyp gelýär” aýdymy ýaňlanýar. Biz Ýewro – 2024-de Ýewropanyň köpdürlüligini bellemek we bitewilik duýgusyny güýçlendirmek isleýäris. Gowy sport we owadan aýdym-saz bize “Fire” aýdymy bilen tomsy duýmaga kömek eder” – diýip, Ýewro – 2024-üň ýaryş müdiri we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Filipp Lam belledi.

Ýewro – 2024 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda geçiriler.

Ýewro-2024-iň resmi aýdymyny Aydym.com portalyndan ýükläp alyp bilersiňiz.


düýn 09:33
7.9k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
10k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....