Ýylyň iň gowy oýunçysy üçin “Global Soccer Awards” baýragyna dalaşgärler saýlandy

  • 12.05.2024 08:59
  • 14568
Ýylyň iň gowy oýunçysy üçin “Global Soccer Awards” baýragyna dalaşgärler saýlandy

“Global Soccer Awards” tarapyndan 2024-nji ýylyň iň gowy oýunçysy adyna dalaş edýän futbolçylaryň sanawy belli boldy. 20 oýunçydan ybarat sanaw baýragyň X sosial ulgamynda ýerleşdirildi.

Şeýlelikde, dalaşgärler şulardan ybarat: Alessandro Bastoni (“Inter”), Jud Bellingem (“Real”), Hakan Çalhanoglu (“Inter”), Fil Foden (“Mançester Siti”), Antuan Grizmann (“Atletiko”), Alehandro Grimaldo (“Baýer”), Seru Girassi (“Ştutgart”), Erling Holand (“Mançester Siti”), Mats Hummels (Dortmundyň “Borussiýasy”), Garri Keýn (“Bawariýa”), Ýozua Kimmih (“Bawariýa”), Lautaro Martines (“Inter”), Toni Kroos (“Real”), Kilian Mbappe (“Pari Sen-Žermen”), Koul Palmer (“Çelsi”), Rodrigo (“Real”), Bukaýo Saka (“Arsenal”), Mohammed Salah (“Liwerpul”), Bernardu Silwa (“Mançester Siti”), Winisius Žunior (“Real).


Ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaş edýär: Habi Alonso (“Baýer”), Ruben Amorim (“Sporting”), Karlo Ançelotti (“Real”), Mikel Arteta (“Arsenal”), Unai Emeri (“Aston Willa”), Luis Enrike (“Pari Sen-Žermen”), Jan Pýero Gasperini (“Atalanta”), Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”), Ulrih Henes (“Ştutgart”), Simone Indzagi (“Inter”), Miçel (“Žirona”), Týago Motta (“Bolonýa”), Edin Terziç (Dortmundyň “Borussiýasy”), Tomas Tuhel (“Bawariýa”) we Hawi (“Barselona”).
Geçen ýyl iň gowy futbolçy üçin baýragy Holand, iň gowy tälimçi üçin baýragy Gwardiola aldy.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy 28-nji maýda Sardiniýada geçiriler.


düýn 18:06
9688

Lewandowskiý 2020-nji ýyldaky “Altyn top” baýragyny alyp biler

“France Football” žurnaly Ispaniýanyň “Barselonasynyň” hüjümçisi Robert Lewandowskä 2020-nji ýyldaky “Altyn top” baýragyny bermegi göz öňünde tutýar. Bu barada Diario Sport habar berýär diýip, RIA Nowosti ýazýar...

düýn 17:39
4247

“Barselona” şowsuz möwsümden 40 mln ýewro töweregi pul tygşytlady

Häzirki möwsümde Kataloniýanyň “Barselonasynyň” şowsuz çykyşy kluba ep-esli serişde tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, AS neşiri habar berýär. Maglumatlara görä, klub Ispaniýanyň çempionatyndaky, Ispaniýanyň...

düýn 14:09
5229

La Liga möwsümiň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärleri saýlady

La Liga 2023/24-möwsüminiň jemi boýunça iň gowusy adyna dalaş edýän tälimçileriň atlaryny yglan etdi. Sanawa Karlo Ançelotti (“Real”), Miçel Sançes (“Žirona”), Ernesto Walwerde (“Atletik”), Diego Simeone (“Atletiko”)...

düýn 07:23
7901

UEFA “Mançester Siti” bilen “Žironany” Çempionlar ligasyna goýbermän biler

UEFA iki klubuň hem Çempionlar ligasynyň indiki möwsümine gatnaşyp bilmekleri üçin “Mançester Sitiniň” eýelerinden “Žironadaky” paýynyň bir bölegini satmagyny talap edýär diýip, The Times habar berýär. Sebäbi iki...