2024-nji ýylda global IT çykdajylary 5 trln dollardan geçer

  • 06.05.2024 22:43
  • 2.8k+

2024-nji ýylda dünýäde maglumat tehnologiýalary üçin çykdajylar 5,06 trln dollardan geçer. Bu barada ABŞ-dan Gartner gözleg kompaniýasyna salgylanyp, “Kommersant” gazeti habar berýär.

Geçen ýyl IT üçin global çykdajylar 3,8% ýokarlanyp, takmynan, 4,7 trln dollara ýetdi. Bilermenleriň hasaplamalary boýunça, şu ýyl şeýle çykdajylar 8% ýokarlanyp, 5,06 trln dollara ýeter. Çykdajylaryň köp bölegi aragatnaşyk hyzmatlarynyň paýyna düşer, ol 1,6 trln dollar bolar. Ikinji orunda IT hyzmatlary bolup, olar üçin çykdajylar 1,5 trln dollar bolar. Üçünji orunda 1 trln dollardan gowrak çykdajy bilen programma üpjünçiligi ýerleşýär. Maglumat tehnologiýalary pudagyna degişli bolan gurluşlar üçin global çykdajylar 688 mlrd dollara çenli artar. Maglumatlary işleýiş merkezleri üçin çykdajylar 260 mlrd dollara barabar bolar.

şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.8k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......