Türkmen filmi "Farabi Film Festival-ynyň" baýragyna mynasyp boldy

  • 04.05.2024 21:12
  • 8k+

Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň ýaş režissýory Isgendermuhammet Annamuhamedowyň surata düşüren “Dutaryň owazy” çeper filmi 29-30-njy aprelde Farabi film festiwalynda emin agzalarynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Festiwalyň Gran-pri baýragyna Gyrgyzystandan Saadat Kazakbaýewiň "Alagaraňkylyklardaky jaň" filmi mynasyp boldy.
Festiwal Gazagystanyň Al-Farabi milli uniwersitetiniň 90 ýyllygy mynasybetli TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde geçirildi.
"Dutaryň owazy" filmi festiwalda kino muşdaklara görkezildi. Film kino muşdaklarda uly täsir galdyrdy.
“Dutaryň owazy” filmi kino tomaşaçylara türkmen halkynyň saz sungaty babatda maglumat almaga giň mümkinçilik döretdi.
Mundan ozal, bu film Belarusda geçirilen “Listapad” we türki dünýäsiniň “Gorkut ata” kinofestiwallarynda görkezildi.
Mälim bolşy ýaly, türki dünýäsiniň “Gorkut ata” kinofestiwaly üstümizdäki ýylda Türkmenistanda geçiriler.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....