“Oppengeýmer” filmi Universal studiýasyna 200 mln dollardan gowrak arassa girdeji getirdi

  • 03.05.2024 10:32
  • 4.4k+

Deadline neşiri häzirki wagtda Kristofer Nolanyň iň soňky filmi bolan “Oppengeýmeriň” maliýe görkezijilerini çap etdi. Ygtybarly çeşmeleriň esasynda žurnalistler “Oskar” baýragyny alan filmiň takmynan çykdajylaryny we girdejilerini hasapladylar. Maglumatlar 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ýagdaýa esaslanýar diýip, championat.com habar berýär.

Şeýlelikde, Universal Pictures filmiň üsti bilen, takmynan, 722 mln dollar gazandy – bu mukdara kinoteatrlardaky prokat (takmynan, 422 mln dollar), filmiň fiziki nusgalarynyň Blu-Ray-daky satuwy (130 mln dollar) we onlaýn-kinoteatrlarda we telewideniýede görkezmelerden tölegler (170 mln dollar) girýär. Şol bir wagtyň özünde, film üçin çykdajylar 520 mln dollara barabar – bu mukdara önümçilik (100 mln dollar) we marketing (170 mln dollar) býujetleri, surata düşüriji toparyň gonorarlary (175 mln dollar) we beýleki çykdajylar (75 mln dollar) girdi.
Ahyrky netijede, Universal Pictures, takmynan, 202 mln dollar baýady – bu mukdar täze fiziki nusgalaryň satyn alynmagy, striminglerde we telewideniýelerde tomaşalar arkaly artmagyny dowam etdirýär. Şeýle görkezijiler bilen “Oppengeýmer” 2023-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň sanawynda bäşinji orny eýeleýär, film “Wonkadan”, “Galaktikanyň sakçylary 3-den” we “Freddi bilen bäş gijeden” öňe geçýär.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....