Maskyň baýlygy soňky iki ýylda ilkinji gezek bir hepdede tas 40 mlrd dollar ýokarlandy

  • 01.05.2024 10:49
  • 10k+

Milliarder Ilon Maskyň baýlygy aprel aýynyň soňky hepdesinde 37,3 mlrd dollar artdy, bu hem onuň üçin 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri iň uly hepdelik ösüş boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Bloomberg Billionaries Index reýtingine görä, Space X, Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy we X sosial ulgamynyň eýesi baýlygy boýunça üçünji orunda durmak bilen (202 mlrd dollar), ikinji orunda ýerleşýän Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň (203 mlrd dollar) yzyndan ýetdi diýen ýaly. Birinji orny LVMH kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Bernar Arno (217 mlrd dollar) eýeleýär.
Forbes Real Time Billionaries reýtingine görä, Mask baýlygy boýunça ikinji orny eýeleýär (205 mlrd dollar). Birinji orunda 210 mlrd dollar bilen Arno, üçünji orunda 199 mlrd dollar bilen Bezos ýerleşýär.
Bloomberg agentliginiň belleýşi ýaly, 29-njy aprelde Mask 18,5 mlrd dollar baýady – bu Bloomberg-iň hasaby boýunça milliarderleriň arasynda möçberi boýunça 13-nji, Maskyň özi üçin bolsa ýedinji günlük girdejidir.
Agentlik işewüriň işleriniň gowulanmagyny Tesla-nyň üstünlikleri bilen baglanyşdyrýar.


27.04.2026 23:00
2.3k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.4k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.8k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......