iPhone 16-nyň dört modeliniň hemmesiniň dizaýny aýan edildi

  • 30.04.2024 18:58
  • 19k+

Hytaýly insaýder Ice Universe iPhone 16-nyň dört modeliniň ählisiniň suratlaryny çap etdi. Maket bolmagy mümkin suratlarda smartfonlar dürli taraplardan görkezilýär diýip, IXBT habar berýär.

Maglumatlara görä, iPhone 16 we iPhone 16 Plus degişlilikde 6,1 we 6,7 dýuýmlyk ekranlary alarlar. Bu modelleriň kamera bölüminiň dizaýny iPhone 15 Pro-nyňkydan we iPhone 15 Pro Max-yňkydan tapawutlanar.
iPhone 16 Pro-nyň we iPhone 16 Pro Max-yň ölçegleri 6,3 we 6,9 dýuým bolar. Daşyndan bu modeller öňküleri bilen birmeňzeş bolar.

Apple-iň täze iPhone 16-ny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda hödürlemegine garaşylýar.
Ice Universe Apple-iň önümleri barada ygtybarly maglumat çeşmesi hökmünde abraý gazandy. Ol şarlawuk ekranly smartfonlaryň trendi, iPhone X-yň “kesigi”, Dynamic Island kese kesikli we 14 megapiksel şekilli datçikli iPhone 14-iň täze dizaýnyny ilkinji bolup dogry habar berdi.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...