Adobe-niň täze guraly bulaşyk wideolaryň hilini 8 esse ýokarlandyryp, ony dury görnüşe getirýär

  • 29.04.2024 22:12
  • 10k+

Adobe Research-iň wideo we emeli aň boýunça inženerler topary VideoGigaGAN atly gural döretdi. Bu bulaşyk wideolary dury şekillere öwrüp bilýän emeli aňly programmadyr diýip, TechXplore-e salgylanýan Mail.ru habar berýär.

VideoGigaGAN ulgamy dury we aýdyň wideonyň nähili  görnüşde bolmalydygyny öwretmek üçin döredijilikli-bäsdeşlik nerw ulgamyny (GAN) ulanýar. Döredijiler çykýan wideonyň bir böleginiň ulgam reýtinglerine esaslanyp, VideoGigaGAN tarapyndan doly sintez edilendigini boýun alýarlar. Mysal üçin, ýokary durulygy gazanmak üçin wideo deriniň deşijekleri, gözüň töweregindäki ýygyrtlar, hatda kirpikler hem goşulyp bilner, ýagny emeli aň zerur elementleri “goşuşdyryp”, üstüni ýetirýär. Soňra wideo kadrlarynyň arasyndaky yzygiderliligi üpjün etmek üçin “akym bilen dolandyrylýan paýlaýyş moduly” goşulýar.
Hünärmenleriň sözlerine görä, ulgam wideonyň hilini sekiz esse ýokarlandyryp biler.
Adobe programmany haçan umumy ulanylyşa goýberjegini entek takyklamady.


12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

10.06.2026 11:10
804

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.5k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....