Tim Szyu WBA-nyň wagtlaýyn guşagyny almak üçin Wýorjil Ortis bilen duşuşar

  • 27.04.2024 22:41
  • 7.9k+

Awstraliýaly boksçy Tim Szyu (23-1) Sebastýan Fundoradan ýeňlenden soň, özüni dikeltmäge mümkinçilik aldy. WBA oňa ýeňilmezek amerikaly Wýorjil Ortis-kiçi (20-0) bilen söweş gurap berer. Söweş 3-nji awgustda bolar we kiçi orta agramda WBA-nyň wagtlaýyn guşagyny almak ugrundaky söweş bolar diýip, “Çempionat” habar berýär.

Bu söweşiň ýeňijisi häzirki wagtda Terens Kroufordyň eýeleýän adyna hökmany bäsdeş bolar. Şeýle-de bolsa, Jermell Çarlo hem guşak üçin mümkinçiliklerini saklaýar.
Soňky söweşinde Szyunyň Sebastian Fundoradan ýeňlendigini ýatladýarys. Ortis bolsa soňky söweşinde Fredrik Lousony ýeňipdi.
Duşuşygyň gyzgalaňly bolmagyna garaşylýar, sebäbi boksçylaryň ikisi-de nokaut urmakda meşhurdyr. Şeýlelikde, Tim Szyu 23 ýeňşiniň 17-sini nokaut bilen gazandy, Ortis bolsa 20 söweşde 20 garşydaşynyň hemmesini hem nokauta goýberdi.


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....