Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 27.04.2024 07:05
  • 18k+

26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna bardy.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen duşuşyp, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler boýunça pikir alyşdy.
Myhman köp ýyllardan bäri atçylyk bilen gyzyklanýandygyny, ahalteke bedewlerini bolsa özüne has ýakyn saýýandygyny belledi hem-de ganatly bedewleriň asyl mekanynda bolmagyň, arassa ganly ahalteke atlary bilen didarlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösüşiň täze belentliklerine çykandygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp ugurlaryny öz içine alýandygy, şunda atçylyk pudagyna möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň aprelinde Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda bolandygyny ýatlap, onuň çäklerinde Germaniýanyň Atçylyk toplumyna baryp görendigini, ol ýerde idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanşandygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşýandygy nazara alnyp, Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakobyň Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna we hormatly atlaryna mynasyp bolmagynyň onuň bu ugurda çekýän zähmetine berlen ýokary bahadygyny belledi.


düýn 23:05
747

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......