Nokia Özbegistanda 5G ulgamyny gurar. Ol 2024-nji ýylyň ahyrynda Daşkentde işe giriziler

  • 26.04.2024 19:58
  • 8.8k+

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Özbegistanyň aragatnaşyk operatory Perfectum bilen ýurtda 5G ulgamyny ýaýratmak barada şertnama baglaşdy. Bu Özbegistanyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädimdir diýip, IXBT habar berýär.

Ylalaşygyň çäklerinde Nokia Perfectum üçin özbaşdak 5G çözgüdiň ýeke-täk üpjünçisi hökmünde çykyş eder. Esasy ulgam we programmalar Nokia bulut platformasyna birleşdirilen Red Hat OpenShift-de ýerleşdirildi.
5G ulgamyny 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Daşkentde täjirçilik taýdan işe girizmek meýilleşdirilýär. Soňra bu ulgam ýakyn iki ýylda ýurduň ähli sebitlerine kem-kemden ýaýradylar.


07.03.2025 16:11
5.9k+

Özbek talyby gowaça çöpünden kagyz öndürmegiň usulyny işläp taýýarlady

Arhangelskdäki Demirgazyk Arktika Federal uniwersitetiniň (SAFU) aspiranty, özbegistanly Ismoil Sodikow gowaça çöpünden kagyz öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlady. Barlagy üçin çig maly ol watanyndan getirdi...

01.03.2025 07:58
2.1k+

Aýda öýjükli aragatnaşygy ýola goýmak üçin ilkinji ädim: SpaceX Aýa 4G öýjükli aragatnaşyk stansiýasy bolan moduly iberdi

Floridada SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa göterijisiniň uçuşy boldy. Ol Aýa Intuitive Machines kompaniýasynyň Nova-C Athena gonuş modulyny elter. Modulyň 6-njy martda Aýdaky Muton dagynyň töwereginde gonmagy...

20.07.2024 11:35
5.4k+

Özbegistanda lukmançylyk galyndylaryndan ýylylyk energiýasy alnar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Lukmançylyk galyndylaryndan alternatiw ýylylyk energiýasynyň önümçiligi” maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek barada karara gol çekdi. Bu barada UzDaily.uz habar berýär...

29.04.2024 13:40
4.2k+

Şu ýyl Aýda 4G peýda bolar. Nokia we NASA Aý bazasy üçin tory işe girizerler

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýda 4G tory gurnamak boýunça taslamanyň üstünde işleýär. IXBT-iň ýazmagyna görä, NASA kompaniýa bilen täjirçilik kosmos mümkinçiliklerini ösdürmek maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde...