Aşgabatda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy

  • 26.04.2024 10:10
  • 8.9k+

25-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi we “Pyragydan ruhlanan ussat” atly maslahat guraldy. Zehinli sungat ussadynyň ýubileýine bagyşlanan çäre Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi.

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Aýhan Hajyýew Magtymguly Pyragynyň kanoniki keşbini dörediji hökmünde tanalýar. Beýik şahyryň keşbini döretmek üçin irginsiz zähmet çekmek bilen, suratkeşiň alyp baran giň gerimli gözleg we döredijilik işleriniň netijesinde, 1947-nji ýylda Magtymgulynyň portreti döredilýär. Ol söz ussadynyň hakyky keşbine golaý kanoniki nusga hökmünde ykrar edilýär.
Suratkeş ozalky Türkmen döwlet politehniki institutynyň binagärlik kafedrasyny esaslandyryjylaryň biridir. Ol ömrüniň ahyryna çenli bu ýokary okuw mekdebinde surat we žiwopis dersinden talyplara sapak beripdir.
Serginiň açylyş dabarasyna Aýhan Hajyýewiň kärdeşleri, şägirtleri, suratkeşler, sungat ugruna ýöriteleşen bilim edaralarynyň talyplary, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Täjigistandan myhmanlar gatnaşdylar. Çykyş edenler şekillendiriş sungatynyň ussadynyň eserleriniň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de giňden meşhurdygyny bellediler. Onuň döredijiligi halkara sungaty öwrenijiler tarapyndan öwrenilip, eserleri dürli muzeý gymmatlyklarynyň arasynda görkezilýär.

Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ussat suratkeşiň köpugurly döredijilik mirasyny wagyz etmäge bagyşlanan “Pyragydan ruhlanan ussat” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ussat suratkeşiň Magtymguly Pyragynyň keşbine degişli birnäçe çeperçilik eserlerini döredendigi, şahyryň baý mirasynyň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygyna, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi bellenildi.
Aýhan Hajyýew öz döredijiliginde halk şahyrlarynyň we akyldarlarynyň keşbini döretmäge aýratyn üns berip, Döwletmämmet Azadynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Seýdiniň kanoniki portretlerini hem döredipdir. Onuň eserleriniň hatarynda döwürdeş şahsyýetleriniň, ýagny artistleriň, suratkeşleriň, zähmetkeş adamlaryň, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň portretleriniň uly toplumy bar.


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......