Bütindünýä fotografiýa guramasy fotograflaryň arasynda bäsleşigiň netijelerini yglan etdi

  • 26.04.2024 12:31
  • 15k+

Bütindünýä fotografiýa guramasy Sony World Photography Awards 2024 professional bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bäsleşigiň BAŞ BAÝRAGYNY Grenlandiýada aýallary sterillemek baradaky dokumental taslamasy üçin fransiýaly fotosuratçy Žýulett Pawi aldy. Bu barada “Moýa planeta” elektron neşiri habar berýär.

“Ýylyň açyk fotosuratçysy” baýragyna Şotlandiýada Aýyň dogan wagty we dronlaryň yşygynda düşürilen meşhur Storr dagynyň suraty üçin Liam Men eýe boldy.
“Ýylyň ýaşlar fotosuratçysy” nominasiýasynda ýeňiji Deniel Mýurreý Angliýanyň Nýukweý şäherindäki ýalňyz sýorferi surata düşürdi.

Beýleki nominasiýalarda ýeňijiler şulardan ybarat:

  • “Portretler”: “Kaka we ogul” seriýasy üçin Waleriý Poştarow (Bolgariýa).
  • “Ýabany tebigat we haýwanat dünýäsi”: kerebiň suraty üçin Ýewa Berler (Gresiýa).
  • “Daşky gurşaw”: Meksikanyň ýerli ýaşaýjylarynyň balarylar bilen suraty üçin Mae Elipe (Fransiýa).
  • “Peýzaž”: Gazagystanyň uzak bir ýerinde surata düşürilen “Gurban berilýän zolak” üçin Eddo Hartmann.
  • “Binagärlik we dizaýn”: Filippinlerdäki ata-baba öýleri baradaky taslama üçin Şiwon Doran (Irlandiýa).
  • “Portfolio”: “Portretler we peýzažlar” seriýasy üçin Horhe Monako (Argentina).
  • “Sport”: gyşky sýorfing baradaky “Sowuk Gün” seriýasy üçin Tomas Merot (Islandiýa).
  • “Döredijilik”: “Müňlerçe kesik” seriýasy üçin Sujata Setia (Beýik Britaniýa).

Aýratyn baýraga – “Fotografiýa goşan goşandy üçin” baýragyna 50 ýyl karýerasynyň dowamynda döredilen ak-gara eserleri üçin dünýä belli fotosuratçy Sebastýao Salgado mynasyp boldy.
Bäsleşigiň iň gowy eserleriniň sergisi 2024-nji ýylyň 6-njy maýyna çenli Somerset House-da baryp görmek üçin açyk bolar.


11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....