Germaniýadaky panel jaýlar binagärlik ýadygärligi diýip ykrar edildi

  • 26.04.2024 19:59
  • 13k+

Sosializm döwründe Germaniýada gurlan panel jaýlar binagärlik ýadygärlikleri hökmünde ykrar edildi. Bu barada Bild neşiri Telegramda habar berdi.

GDR-de Wohnungsbauserie 70 (WBS 70) panel jaýlaryň tapgyry 1970-nji ýylda işlenip düzüldi, olaryň gurluşygy üç ýyldan soň başlandy. 1990-njy ýyla çenli Gündogar Germaniýada, takmynan, 1,3 million täze öý ulanylmaga berildi.
Germaniýa birleşdirilenden soň, köp panel jaýlar ýykylyp aýryldy ýa-da döwrebaplaşdyryldy. Häzirki wagtda Germaniýada WBS 70 taslamada gurlan diňe birnäçe jaý galdy.
Leýpsig ýadygärliklerini goramak gullugynyň başlygy Klaus Ýeştedt 30 ýyl ozal beýle binalary binagärlik gymmatlygy hökmünde gorag astyna almagyň özi manysyz bolardy, emma soňky ýyllarda GDR-den galan panel jaýlar hökmünde ykrar edilip bilinjek jaýlaryň sanynyň ep-esli azalandy diýip belledi. Käbir şäherlerde - Rostokda, Drezdende, Gerde, Gallede we Bernauda – panel jaýly kiçi etrapçalaryň hemmesi ýadygärlik hökmünde ykrar edildi. 


23.04.2025 00:30
8.5k+

Dünýäniň iň uly syýahatçylyk gämileriniň biri bolan Disney Adventure-niň gurluşygy tamamlanýar

Germaniýanyň Wismar şäherinde Disney Adventure kruiz gämisi angardan çykaryldy. Bu dünýäde iň uly kruiz gämileriniň biridir: onuň uzynlygy – 342 metr, ini – 46 metr. Häzir ahyrky işler, şol sanda tüsse turbalarynyň we attraksionlaryň gurnalmagy dowam edýär diýip, BILD ýazýar...

12.04.2025 19:11
14k+

Daniýanyň paýtagty dünýäniň iň bagtly şäherleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi

Kopengagen iň bagtly ilatly şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. 200 şäherden ybarat reýting Londonyň durmuşyň hili instituty tarapyndan taýýarlanyldy. Analitikler reýtingi alty görkezijä esaslanyp düzdüler...

24.03.2025 11:22
8.6k+

Germaniýada dynç almak üçin dünýäde iň kiçi jaý peýda boldy: bary-ýogy 11 inedördül metr

Germaniýanyň Rips obasynda dynç almak üçin özboluşly jaý peýda boldy. Onuň meýdany bary-ýogy 11 inedördül metre barabar diýip, BILD habar berýär. Jaýyň eýeleri Marita Hannemann-Moos we Andreas Moos köne transformator...

01.12.2024 19:34
6.2k+

“Mişlen” ýyldyzly iň gowy restoranlary bolan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Visualcapitalist.com portaly üç sany “Mişlen” ýyldyzly iň köp restorany bolan ýurtlaryň reýtingini hödürledi. Belli syýahatçylyk ýolbelediniň reýtingi üç derejeden ybarat. Üç “Mişlen” ýyldyzy, köplenç, aşpezlik...