Ýeriň çöküşmegi sebäpli, Hytaýyň şäherleriniň ýarysyna golaýyna suw basmak howpy abanýar

  • 25.04.2024 11:57
  • 12k+

Hytaýyň gür ilatly ýerleri, deňiz derejesiniň ýokarlanmagy we gury ýeriň adatdakysyndan has çalt çökýändigi bilen baglanyşykly çynlakaý howpa duçar bolýar. Alymlar munuň öňi alynmasa, deňiz derejesinden pesde ýerleşýän şäher ýerleriniň mukdarynyň 2120-nji ýyla çenli üç esse artjakdygyny we 128 million adama täsir etjekdigini duýdurýarlar diýip, New Atlas ýazýar.

Bu şäherleşmek prosesiniň çaltlaşmagy we howanyň üýtgemegi bilen baglydyr. Şäherleşme ýerleriň çökmegine sebäp bolýar, howanyň üýtgemegi bolsa deňiz derejesini ýokarlandyrýar. Netijede, ýurduň çägi suw joşmalaryna garşy durmakdan  ejiz gelýär.


Gözleg 700 million ilaty bolan Hytaýyň 82 şäherindäki şäher ýerleriniň 45% -iniň aşak çökmegiň mese-mälim alamatlaryny görkezdi. Olaryň 16% -i, şol sanda Pekin, ýylda 10 mm ýa-da ondanam köp tizlikde çökýär. Hytaýyň başga bir uly şäheri - Şanhaý howp astyndadyr.
Ýeriň çökmegi toprakda jaýryklaryň emele gelmegine getirýär, binalara we raýat infrastrukturasyna zeper ýetirýär we suw joşma howpuny ýokarlandyrýar. Soňky onýyllyklaryň dowamynda Hytaýda ýeriň çökmegi bilen baglanyşykly tebigy betbagtçylyklar eýýäm ýylda 7,5 milliard ýuanlyk arassa ykdysady ýitgileriň çekilmegine we ýylda ýüzlerçe adamyň heläk bolmagyna sebäp boldy.
Gözlegçiler şäheriň aşak çökmeginiň öňüni almak üçin meýilnamalary we syýasatlary işläp taýýarlamaklyga çagyrýarlar.
Bu makalada gürrüň berşimiz ýaly, ABŞ-nyň köp şäherleriniň şuňa meňzeş meselä duçar bolýandygyny ýatladýarys. Indoneziýada onuň häzirki paýtagty  Jakartanyň (10 milliondan gowrak ilatly) 2050-nji ýyla çenli üçden bir böleginiň  suwuň aşagynda galmak howpynyň bardygy sebäpli, paýtagty täze gurulýan şähere - Nusantara göçürmek meýilleşdirilýär.


11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.7k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......