Tesla Cybertruck elektropikabynyň çagalar üçin nusgasyny çykardy

  • 22.04.2024 13:02
  • 5.8k+

Tesla özüniň futuristik Cybertruck elektrik pikapynyň çagalara niýetlenen görnüşini çykardy diýip, Mail.ru ýazýar.

Bir ýa-da iki çaga münmäge niýetlenen Cybertruck-yň kiçi nusgasynyň asyl nusga meňzeş dizaýny bar, ýöne gabarasynyň kiçiligi sebäpli üçegi ýok.
Elektrikli awtoulag iki tizlik režimi (sagatda 4 we 8 km) bilen enjamlaşdyrylandyr we bir zarýadda 19 km ýol geçip bilýär. Iň ýokary ýük göterijiligi 68 kg bolup, hatda ýetginjeklere-de münmäge mümkinçilik berýär.
Çaga pikapy edil doly göwrümli nusgasy ýaly faralar we yzky tormoz çyralary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Çagalar üçin Cybertruck-ynyň 23-nji aprelde Hytaýda satuwa çykaryljakdygy habar berildi. Awtoulagyň bahasy entek aýan edilmedi.
Teslanyň ozal Hytaýda satmak üçin Cybertruck stilindäki Cyberquad çagalar kwadratosiklini çykarandygyny bellemelidiris. Ol 8-12 ýaşly çagalara niýetlenendir, kuwwatlylygy 13 km we sagatda 8 km çenli tizlige ýetip biler. Cyberquad 2023-nji ýylyň tomsundan 11 990 ýuana (1 656 dollar) satylyp başlandy.


düýn 18:36
2k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.7k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.4k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....