Amsterdam syýahatçylar köplügi bilen göreşmegiň özboluşly usulyny tapdy

  • 20.04.2024 18:19
  • 8.9k+

Niderlandlaryň paýtagty köpçülikleýin syýahatçylyga garşy göreşmegiň adaty bolmadyk usulyny tapdy. Onuň çäklerinde şäher administrasiýasy şäheriň içinde täze myhmanhanalaryň gurulmagyna gadaganlyk girizdi. Degişli habar şäher häkimliginiň saýtynda peýda boldy diýip, RBK ýazýar.

“Biziň maksadymyz – şäheri onuň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ýaşaýşy üçin rahat etmek we saklamak” – diýlip, habarda aýdylýar. Täze gadaganlyk eýýäm gurluşyk üçin rugsat alan myhmanhanalara degişli däldir. Şeýle-de, ýerli häkimiýetler myhmanhanalarda syýahatçylaryň gijelerine galmalarynyň sanyna çäklendirme girizdi – ýylda 20 mln çenli.

Amsterdamda täze myhmanhanalaryň gurluşygyna diňe käbir ýagdaýlarda rugsat berilýär. Birinjiden, eger köne myhmanhanalaryň biri ýapylsa, ikinjiden, eger täze myhmanhana käbir görkezijiler boýunça has gowy bolsa – mysal üçin, has döwrebap ýa-da ekologiýa taýdan arassa bolsa. Üçünjiden, eger gurluşyk Amsterdamyň taryhy merkeziniň çäklerinden daşary meýilleşdirilse, rugsat berilýär.
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Amsterdamyň häkimiýetiniň syýahatçylyk salgydyny artdyrjakdygy belli boldy. 2024-nji ýyldan ol myhmanhana otagynyň bahasynyň 7%-inden 12,5%-ine çenli ýokarlanar. Şeýle-de, Amsterdamyň portunda durýan kruiz gämileriniň ýolagçylary üçin salgyt adam başyna 8 ýewrodan 11 ýewro çenli ýokarlanar.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......