Ýaponiýa awgustda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sammit geçirer

  • 20.04.2024 18:11
  • 3.7k+

Ýaponiýa şu ýylyň awgust aýynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen geçiriljek sammite taýýarlyk görüp başlady. Bu barada Kyodo agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Ýaponiýanyň gatnaşmagyndaky sammit, ähtimal, Gazagystanda geçiriler. Takyk meýilnama gijräk tassyklanar. Ýaponiýadan premýer-ministr Fumio Kisida gatnaşar.
Taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler. 2024-nji ýylda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky diplomatiki edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen dialogyň 20 ýyllygy bellenilýär. Sammitiň sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde täze ädim bolmagyna garaşylýar.
Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Ýaponiýa karbonsyzlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy öz içine alýan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......