“Kawasaki” kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakda kömek eder

  • 19.04.2024 22:34
  • 12k+

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodyny bökdençsiz işletmek üçin Ýaponiýanyň «Kawasaki»  kompaniýasy bilen gönümel hyzmatdaşlyk ýola goýlar. Bu barada 19-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer B.Annamämmedow zawody taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd” ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk hasaplanylýandygyny belledi.  Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Marykarbamid» zawodyny bökdençsiz işletmek üçin tehnologiki kadalara laýyklykda önümçiliklerde ulanylýan çig mallar, himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ýaponiýanyň «Kawasaki»  kompaniýasy bilen gönümel hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......