Aşgabatda DÝHG döwletleriniň degişli wekilleriniň XXXVIII mejlisi öz işini tamamlady

  • 19.04.2024 15:38
  • 4k+

Şu gün, 19-njy aprelde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar onuň netijesi boýunça Aşgabat Jarnamasyny kabul etdiler.

Jarnamada foruma gatnaşyjylar aşakdakylar barada beýan etdiler.
Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň, halkara demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar demir ýol ulagynyň ykdysady, maglumat, ylmy-tehniki we ekologiýa ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça DÝHG agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, demir ýol ulagynyň ulaglaryň beýleki görnüşlerine görä bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagyň, demir ýollary ulanmak we halkara demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly tehniki meseleleri çözmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem demir ýol ulagynyň meseleleri bilen meşgullanýan beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmek ulgamynda kararnamalaryň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tagallalaryny, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähmiýetini belleýärler.
Maslahata gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň strategik taýdan möhüm we amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden toplumlaýyn peýdalanmak boýunça edýän tagallalaryny bellediler. 
Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulagyň we halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, ýokary derejeli halkara çäreleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. 
Maslahatyň işiniň jemleri boýunça ýolagçy we ýük daşamalary, infrastruktura we hereket edýän düzüm, kodlaşdyrmak we maglumat, maliýe hem-de demir ýol arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalary üçin hasaplaşyklar, şeýle hem demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak/bilim bermek ulgamlarynda ähmiýetli çözgütler kabul edildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......