Ak öý ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeniň we onuň aýalynyň 2023-nji ýylda näçe gazanandygyny mälim etdi

  • 19.04.2024 11:41
  • 20k+

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we aýaly Jill 2023-nji ýylda 620 müň dollar gazandylar. Bu barada salgyt jarnamalaryna salgylanyp, Ak öý habar berýär.

Bu mukdardan olar 23,7% goýum bilen 146,6 müň dollar möçberde federal girdeji salgydyny tölediler. Takmynan, 30,9 müň dollary öýleriniň ýerleşýän Delawer ştatynda salgyt hökmünde tölediler. Şeýle-de, Jill Baýden Wirjiniýada 3,5 müň dollar möçberde salgyt töledi. Geçen ýyl Baýdenler 17 sany dürli haýyr-sahawat gaznasyna 20 müň dollar berdiler.
2022-nji ýylda maşgalanyň ýyllyk girdejisi 579,5 müň dollar bolupdy. Bloomberg-iň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylda girdejiniň artmagy Demirgazyk Wirjiniýanyň Jemgyýetçilik kollejiniň professory Jill Baýdeniň zähmet hakynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, girdejiler sosial üpjünçilik boýunça pul kömeginiň artmagynyň hasabyna ýokarlandy.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......